Adam hukuklary ve yashlar.

                            Mening adym...

Mening adym-narkoman, mening adym-alkash, mening adym-däli. Diymek, mening üç adym bar. Hudaya şükür, entek ogry diyen adym yok. Bu atlary  manga türkmen policiyasy berdi. Eger-de manga işsiz diyip, at goysadylar, onda bu at juda jüpüne düşerdi.

Hakykatdanam, men işsiz. Men diysem, yeke men däldirin, men-bu köplik manysynda-dyr.

Ine, gije ya güdiz bolsun, parhy yok, Aşgabadyng policiyasy bizi Hit-rovkadaky priyomnik-ras-pore-ditelya eltip dykar. Ol yerde biz birnäçe gün bolarys. Soñra bizi dürreläp, avtobusyng içine dykarlar-da, Bokurdagyñ, Yerbending üsti bilen göni Dashgovuz velayatynyñ Yilanly etrabyna elterler. Ol yerde bolsa Aşgabatdan, Gökdepeden göçüp baran dälihana bardyr. Bizi dälihananyng 2-nji gatyna çikaryp, polat gözenekli jayina dykarlar. Bu yerde bize psihotropik sanjymlary urup, sañsar

ederler. Biz düzgün boyunça gözeneginix ahyrsynda 35 gün oturmalydyrys. Emma köçelerden toplanan işsizler topary 35 günde bu yere getirilip yetişmese, onda biz bu gözenek-hanada 45 günläp otyrmalydyrys. }ol günleriñ içinde bizi az-ovlak çörek, gaynag suv hem-de çorba atly gizgin yuvundy bilen her güde bir gezek #naharlarlar#. }ondan başga zakgunam yokdyr.

Dogrusyny aytmaly, 35 ya-da 45 günden bizi gözenekden boşadarlar.

Biz iglän iyge meñzäp, horluk çekendiris. Biz şeyle-de bolmalydyrys. Çünki biz garaşsyz hem-de baky bitarap Türkmenistanyng altyn asyryndaky altyn yaşlarydyrys.

Biz Ashgabada-öymüze dolanyp gelyyaris. Işsizlik zerarly yene-de köçelere chykyarys. Yene-de öñki durmuş täzeden başlanyar...                                 

Dälihana düşenlering birtopary. Diyp hatiñ aşagina gol goylupdir.